Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski rus pasportlaryna eýe bolan birnäçe adamy raýatlykdan mahrum etmek kararyna gelendigini aýtdy. Ol bu hili çäre görlen şahsyýetleriň atlaryny aýtmakdan saklandy, ýöne olaryň arasynda Odessanyň häkimi Gennadi Truhanowyň, Werhowna Radanyň başlygynyň öňki orunbasary Oleh Tsarewiň we tansçy Sergeý Poluniniň bardygy habar berildi.
“Ukrainskaýa Prawdanyň” habaryna görä, şäher häkimi Truhanowyň, öňki deputat Tsarewiň we Poluniniň atlary "hökümet çeşmesine" salgylanyp, milli telewideniýede berlen habarda yglan edildi. Truhanow bu karar barada eýýäm düşündiriş berdi.
Odessanyň häkimi özüniň daşary ýurt pasportlarynyň ýokdugyny we munuň barlaglar netijesinde, şol sanda Zelenskiniň buýrugy esasynda geçirilen derňewde tassyklanýandygyny aýtdy. Ol jemgyýetçilik telewideniýesine beren interwýusynda "Özümi goraryn, kazyýet işini açaryn. Kazyýet karar berip bilmese, Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetine ýüz tutaryn" diýdi.