100 ýyl mundan ozal Leniniň mawzoleýini nädip gurdular we nähili üýtgetdiler?
1924-nji ýylyň ýanwarynda, Wladimir Lenin aradan çykandan soň, Sowet Soýuzyny esaslandyryjynyň mumyýalanan jesedini saklamak üçin, Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda birnäçe desga gurulýar.
1
Gyzyl meýdançada Leniniň mawzoleýi (sagda). 1962, Oktýabr.
Indi 100 ýyldan bäri bu mawzoleý Moskwa Kremliniň hem Mukaddes Wasiliý ybadathanasy ýerleşýän meýdançasynda, iň görnükli ýerleriň biri bolup durýar. Bir wagtlar ol meýdan başgaça görünýän eken.

2
Bolşewikler Kreml diwaryndaky barelýefiň açylyş dabarasynda.
1917-nji ýylyň bolşewik rewolýusiýasyndan soň, häzirki mawzoleýiň ýerleşýän ýerinde, 1917-nji ýylyň rewolýusiýasynda ýogalan we Kreml diwarynyň alnyndaky köpçülikleýin doganlyk mazarda jaýlanan kommunistleriň hatyrasyna barelýef döredildi. 1918-nji ýylyň noýabrynda düşürilen bu suratda, Wladimir Lenin birnäçe ýyldan soň, özüniň mumyýalanyp goýuljak jesediniň ornunda dur.

3
Gyzyl meýdançadaky işçiniň heýkeli, 1920-nji ýyllarda alnan surat.
1922-nji ýylda gipsden ýasalan işçiniň heýkeli soňra Leniniň mawzoleýi peýda bolmaly ýerden, birnäçe metr günortada ýerleşýärdi.

4
Bolşewik ýolbaşçylary, şol sanda sowet gizlin polisiýasyny esaslandyryjy, köpçülikleýin adam öldürmegi gurnaýjy hökümde gussaly ýatlanýan Feliks Dzeržinskiý (çepden üçünji) 1924-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda, Leniniň jesedine seredip durlar.
Lenin ölenden soň, onuň jesedini näme etmeli diýen jedel başlanýar. Iosif Stalin jesediň mumyýalanmagyny we köpçüligiň nazarynda goýulmagyny talap edip, munuň "köne rus däp-dessurlaryna ters gelmejekdigini" aýdýar. Lew Trotskiý we başga bir bolşewik lideri hudaýa ynanmaýan rewolýusioneriň jesedini togap edilýän ýere öwürmek pikirini ret edýär. Jesedi köpçüligiň sežde etmegi üçin saklamagyň "marksizm bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny" aýdýar.