Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Gürjüstany bileleşige agzalyga “diňe nominal taýdan” dalaşgär atlandyrýar


Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas we Ýewropanyň giňelmek boýunça komissary Marta Kos 4-nji noýabrda Brýusselde ÝB-niň giňemek baradaky ýyllyk bukjasyny hödürleýärler.
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas we Ýewropanyň giňelmek boýunça komissary Marta Kos 4-nji noýabrda Brýusselde ÝB-niň giňemek baradaky ýyllyk bukjasyny hödürleýärler.

Ýewropa Komissiýasy Gürjüstanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak ugrundaky öňegidişligine tankydy baha berdi we ony Kawkaz ýurduny agzalyga “diňe nominal taýdan” dalaşgär edip goýan “demokratik ýörelgelerden çynlakaý yza çekilmede” aýyplady.

4-nji noýabrda çap edilen 10 dalaşgär ýurduň ýyllyk ösüş hasabatynda komissiýa hökümetiň syýasy garşydaşlaryna basyşyny we Moskwa tarap ýykgyn edýän ýaly bolup görünýän syýasat üýtgemesini nygtap, ýurduň ÝB-e goşulmak baradaky giň jemgyýetçilik goldawyna garamazdan, bularyň Gürjüstanyň bileleşige goşulmagyny täsirli derejede puja çykarandygyny belledi.

“Gürjüstanda ýagdaý düýpli ýaramazlaşdy, demokratik ýörelgelerden çynlakaý yza çekilmeler boldy” diýip, ÝB-niň giňemek boýunça komissary Marta Kos ýyllyk hasabaty hödürlände aýtdy.

“Komissiýa Gürjüstany diňe nominal taýdan dalaşgär ýurt hasaplaýar” diýip, ol sözüne goşdy.

Tbilisi geçen ýyl LGBT-e garşy kanunçylygy we “daşary ýurt agenti” diýlip atlandyrylýan kanuny kabul edeli bäri Gürjüstanyň 27 ýurtdan ybarat ÝB bilen gatnaşyklary ýaramazlaşdy.

XS
SM
MD
LG