Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

WSJ: ABŞ Ukraina Russiýa çuň hüjüm üçin aňtaw maglumatlaryny berer


Ukrainanyň Russiýanyň energiýa infrastrukturasyna garşy zarba urmagy üçin, ABŞ Ukraina aňtaw maglumatlaryny geçirer diýip, "The Wall Street Journal" neşiri ABŞ-nyň ady agzalmadyk resmilerine salgylanyp ýazýar.

Neşiriň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, prezident Donald Tramp aňtaw gullugyna we Pentagona Kiýewiň bu hili zarbalary urmagyna ýardam etmek ygtyýaryny berdi. Mundan başga, ABŞ NATO ýaranlarynyň hem şuňa meňzeş goldaw bermeklerini sorady.

"ABŞ Kiýewe pilotsyz uçar we raketa hüjümlerini amala aşyrmak üçin köpden bäri kömek edip gelýän hem bolsa, aňtaw maglumatlarynyň paýlaşylmagy Ukraina nebiti gaýtadan işleýän zawodlary, turbageçirijileri, elektrik stansiýalaryny we öz serhetlerinden uzakda ýerleşýän beýleki infrastrukturany has netijeli nyşana almaga mümkinçilik döreder" diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG