Wakalara baý ýylyň başynda Donald Tramp dabara bilen prezidentlik wezipesine girişdi. Ýylyň dowamynda Siriýada we Yrakda “Yslam döwletiniň” jeňçilerine garşy harby ýeňişler gazanyldy, Orsýetiň dürli künjeklerinde hökümete garşy protest çäreleri geçirildi we birnäçe döwletde terror hüjümleri amala aşyryldy. Aşakdaky suratlar 2017-nji ýylyň möhüm wakalaryndan käbirlerini görkezýär.
2017-nji ýyl suratlarda
5
Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän hökümetiň gözegçiligindäki Awdiýiwka şäherçesinde tanklar görünýär. 1-nji fewral, 2017 (Reuters/Gleb Garaniç)
6
Siriýaly bosgun Baraa Haj Halaf (çepde) Çikagonyň O’Hare Halkara howa menziline gelen kakasy Haledi ogşaýar, ejesi Fattum (sagda) bir gapdalda ýüzüni tutup aglaýar. 7-nji fewral, 2017. Olar ilatynyň aglabasy musulmanlardan bolan ýedi ýurduň halklaryna, şol sanda Siriýanyň raýatlaryna garşy syýahat çäklendirmeleriniň girizillmeginden soň birek-birege gowuşdylar. (Reuters/Kamil Krzaçinski)
7
14 ýaşly hossarsyz owganystanly migrant gyşyň güni otly tamçasynyň gapdalynda ýuwunýar. 11-nji fewral, 2017. Serbianyň Belgrad şäherinde ol we beýleki migrantlar bosgunlyk aldylar. (AP/Muhammed Muhsin)
8
Rumyniýanyň Buharest şäherinde hökümetiň anti-korrupsiýa kanunlary gowşatmagyna garşy protest çäresini geçirýän adamlar el telefonlarynyň çyralaryny ýakyp ÝB-niň baýdagynyň keşbini döredýär. 26-nji fewral, 2017. (AP/Wadim Girda)