Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Witkoff Ukraina bilen Russiýanyň Floridada "netijeli we gurujy duşuşyklary" geçirendigini aýdýar


Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff. Arhiw suraty
Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff. Arhiw suraty

Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff 20-21-nji dekabrda Floridada Ukrainanyň we Russiýanyň wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerden soň iki sany beýanat ýaýradyp, olaryň birnäçe "netijeli we konstruktiw duşuşyk" geçirendigini aýtdy.

Amerikan delegasiýasynyň düzüminde Witkoffdan başga-da, ABŞ-nyň prezidentiniň giýewisi Jared Kuşner we Ak Tamyň işgäri Joş Gruenbaum hem boldy.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Rustem Umerow we Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Andriý Gnatowdan ybarat bolan ukrain wekiliýeti, onuň sözlerine görä, "amerikan we ýewropaly hyzmatdaşlar bilen birnäçe netijeli we gurujy duşuşyklary geçirdi".

Witkoffyň maglumatyna görä, ABŞ-Ukraina formatynda aýratyn konstruktiw duşuşyk geçirildi, onuň dowamynda dört resminama ara alnyp maslahatlaşyldy: 20 maddadan ybarat meýilnamany işläp düzmegi mundan aňryk hem dowam etdirmek, howpsuzlyk kepillikleriniň köptaraply ulgamy boýunça pozisiýalary ylalaşmak, Ukraina üçin ABŞ-nyň howpsuzlyk kepillikleri ulgamy boýunça pozisiýalary ylalaşmak we Ukrainanyň ykdysady ösüşi we gülläp ösmegi babatdaky meýilnamany mundan aňryk hem işläp düzmegi dowam etdirmek diýip, habarda bellenýär.

Trampyň ýörite wekiliniň bellemegine görä, mundan beýläkki ädimleriň wagtyny we yzygiderliligini ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi.

XS
SM
MD
LG