Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky rus goşunlaryna azyk daşan özbegistanla üç ýyl iş kesildi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Fergana kazyýeti 24 ýaşly özbegistanly erkegi, hakyna Ukrainadaky urşa gatnaşmakda günäli tapyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Kazyýet hökümi 17-nji oktýabrda çykaryldy, ýöne bu habar ýaňy-ýakynda mälim boldy.

“Gazeta.uz” neşiriniň habaryna görä, aýyplanýan Orsýetde neşe bilen bagly jenaýat üçin jezasyny çekýän wagtynda harby şertnama baglaşandygyny aýtdy. Ol sekiz aýlap rus esgerlerine azyk daşandygyny, ýaralanandygyny we gaçyp, Özbegistana gaýdyp gelendigini gürrüň berdi.

Iş materiallaryna görä, jenaýat jogapkärçiligine çekilen A.K. 2022-nji ýylda gazanç etmek üçin Moskwa gidip, söwda merkezlerinde tämizleýji bolup işläpdir. Soňra ol Orsýetde neşe bilen baglanyşykly jenaýatda aýyplanyp, günäli tapyldy. Ol neşe serişdeleriniň öz ýanyndan däl-de, köçede bile ýöräp barýan tanyş gyzynyň ýanyndan tapylandygyny öňe sürýär.

Özbek raýaty Ýekaterinburg türmesinde jezasyny çekýän wagty, onuň öz sözlerine görä, edaranyň direktory tussaglaryň köpüsini ýygnap, olara Orsýetiň Ýaragly güýçlerine goşulmagy we Ukraina garşy söweşe gatnaşmagy teklip edipdir.

XS
SM
MD
LG