Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina uruşda ölen täjigistanlynyň hatyrasyna poçta markasyny çykardy


“Ukrpoşta”, “Kunşt” neşirýaty we “ZMIN” hususy gaznasy Russiýanyň ukrainalylara garşy genosidiniň pidasy bolan ukrain alymlaryna bagyşlanan poçta markalarynyň täze tapgyryny çykardy.

Markalar üçin suratlar, “Deňlikdäki azatlyk” taslamasynyň çäginde, Nobel baýragynyň resmi suratkeşi Niklas Elmehed tarapyndan döredildi.

"Ukraina - Merkezi Aziýa" telegram kanaly kolleksiýadaky markalaryň biriniň ukrainaly biofizik Bižan Şaropowa bagyşlanandygyna ünsi çekdi. Ol 2014-nji we 2022-nji ýyllarda, iki gezek, Ukrainanyň garaşsyzlygyny rus basybalyjylaryndan goramaga çykdy.

Bižan Şaropow Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde dünýä indi. Alty ýaşyndaka maşgalasy Kiýewe göçdi. Ol Kiýew-Mohyla akademiýasynyň biologiýa bölümini tamamlady.

Ol 2014-nji ýylda, Russiýanyň Ukraina garşy başlan agressiýasy sebäpli, Ukrainany goramaga gitdi. 2015-nji ýylda harby gulludan boşadyldy. Doktorlyk dissertasiýasyny gorady we okuw jaýynda mugallymçylyk etdi.

Şaropow 2022-nji ýylda ýene söweşmäge geldi. 2022-nji ýylyň aprelinde rus goşunlary Şaropowyň we beýleki esgerleriň ýerleşýän ýerini minomýot okuna tutdy. Esger dereksiz ýiten hasaplandy. Onuň jesedi 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda tapyldy. Bižan Şarapow wepat bolanda 32 ýaşyndady.

XS
SM
MD
LG