Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Astana sapar edýär


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-25-nji noýabrda Gazagystana döwlet saparyny eder diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň 21-nji noýabrda geçirilen mejlisde aýtmagyna görä, Türkmenistan we Gazagystan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi artýar, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.

Döwlet baştutany hasabaty diňläp, daşary işler ministrine Gazagystana boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG