Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana eden iş saparynyň çäklerinde, Fizuli şäherinde guruljak metjidiň gurluşygyna badalga berildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Metjidiň düýbüni tutmak çäresine, sanly ulgam arkaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana gelen wekiliýetleriň ähli ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Öňki prezidentiň tabşyrygy esasynda, türkmenistanlylaryň azerbaýjan halkyna sowgady hökmünde guruljak metjidi “Aga-gurluşyk” atly hususy kärhana Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bina eder.
Geljekki metjidiň guruljak ýeriniň meýdany bir gektardan gowrak bolup, onda bir wagtda 500 adam ybadat edip biler.
Metjidiň bahasy aýdylmaýar.