Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ykdysadyýeti 2026-njy ýylda 6,3% ösüp biler - ÝTÖB


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) bilermenleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2026-njy ýylda durnukly ösüşini dowam etdirjekdigini çaklaýarlar diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri ÝTÖB-iň täze hasabatyna salgylanyp habar berýär.

ÝTÖB-iň çaklamasyna görä, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,3 göterim artar, bu ösüşe energiýa, infrastruktura, oba hojalygy hem-de azyk senagatyna goýulýan maýa goýumlarynyň artmagy itergi berer diýip, habarda bellenýär.

Habarda aýdylmagyna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda hem türkmen ykdysadyýeti giň gerimli ösüşe eýe boldy, esasy ösen ugurlar hökmünde söwda, ulag, hyzmatlar we gurluşyk pudaklary öňe çykdy.

Şeýle-de, bu ýyldaky maýa goýumlarynyň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6% ýokarlanandygy aýdylýar.

Azatlygyň habarçylary bilen gürleşýän ýaşaýjylar häkimiýetleriň yglan edýän ösüş sanlarynyň durmuş reallyklaryna gabat gelmeýändigini, ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşýändigini, işsizlik sebäpli ýurtdan gitmek isleýän adamlaryň günsaýyn köpelýändigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG