Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Täjigistana sapara bardy


Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistana iş saparyna baryp, Duşenbede Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Türkmen prezidenti şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny aýtdy.

Prezidentler sebit howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, TDH ýazýar. Taraplar iki ýurduň bu ulgamdaky mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak, özara haryt dolanşygynyň möçberlerini artdyrmak hem-de ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Bu sapar Duşenbede "Merkezi Aziýa - Russiýa" sammitiniň we GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilýän wagtyna gabat geldi.

Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda “Merkezi Aziýa – Russiýa” ikinji sammitiniň geçirilýän ýerine bardy diýip, TDH ýazýar.

XS
SM
MD
LG