Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk häkimiýetleri oppozisiýanyň Tele1 telekanalynyň gözegçiligini öz ellerine aldylar


Türk häkimiýetleri oppozisiýadaky Tele1 telekanalyny wagtlaýyn dolandyryş astyna geçirdi. Bu çäre neşiriň baş redaktory Merdan Ýanardag içalyçylyk aýyplamalary bilen tussag edileninden soň görüldi.

AFP-niň we Stokgolm Azatlyk Merkeziniň ýerli metbugata salgylanyp beren maglumatlaryna görä, içalyçylyk işi Stambulyň türme tussaglygynda saklanylýan häkimi Ekrem Imamogluna hem degişli bolup durýar.

Stambulyň Baş prokuraturasynyň anna güni giçlik aýtmagyna görä, sud TELE1-iň ene kompaniýasy bolan ABC Radio Telewideniýe we Sanly Ýaýlymlara (Inc.), Türkiýäniň Ygtyýarly Goýumlary Ätiýaçlandyryş Gaznasynyň (TMSF) gözegçiligine geçirilmegini buýurdy, bu gazna ygtyýarly dolandyryjy hökmünde hereket eder. Bu karar Ýanardag anna güni irden tussag edileninden we polisiýa onuň öýünde we ofisinde gözleg, barlag işlerini geçireninden soň kabul edildi.

Prokuroryň beýanatynda Ýanardag "söz we hereket arkaly gaýta-gaýta jenaýat etmekde" aýyplanýar. Onuň telewizion kanaly "jenaýat üçin gural hökmünde" ulanandygy we "kompaniýanyň eýesi hökmünde resmi taýdan hasaba alnan ogly Alp Ýanardagyň üsti bilen jenaýata gatnaşandygy" öňe sürülýär.

Tejribeli žurnalist we prezident Rejep Taýýip Erdoganyň tankytçysy bolan Ýanardag, İmamogluna we onuň saýlaw kampaniýasynyň menejeri Nejati Özkana garşy geçirilýän has uly içalyçylyk derňewiniň çäginde tussag edildi.

Bu iki adam, 2025-nji ýylyň martyndan bäri, korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussaglykda saklanýar.

XS
SM
MD
LG