ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak Tamda žurnalistleriň soraglaryna jogap berende, ýörite wekili Stiw Whitkoff bilen giýewisi Jared Kuşneriň Moskwada rus prezidenti Wladimir Putin bilen geçirien gepleşiklerini "örän gowy" diýip atlandyrdy.
Şol bir wagtda, öz sözlerine görä, Tramp bu gepleşikleriň ahyr netijede nirä alyp barjakdygyny bilmeýändigini belledi.
"Men Kremliň näme edýändigini bilmeýärin. Men size olaryň prezident Putin bilen ýeterlik derejede gowy duşuşygynyň bolandygyny aýdyp bilerin. Biz muny anyklarys" diýip, ol sözüni dowam etdirdi.
"Men size bu duşuşykdan näme netije çykjakdygyny aýdyp bilmeýärin, sebäbi tango [tansyny etmek] üçin iki adam gerek" diýip, amerikan lideri aýtdy.
Tramp Whitkoff bilen Kuşnerde Putiniň "urşy bes etmek isleýändigi" barada täsir dörändigini belledi: "Meniň pikirimçe, ol has kadaly durmuşa gaýdyp gelmek isleýär. Meniň pikirimçe, ol hepdede müňlerçe esgerini ýitireninden Birleşen Ştatlar bilen söwda gatnaşyklaryna gaýdyp gelenini gowy görýär".