ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 30-njy oktýabr güni irden Günorta Koreýanyň Pusan şäherinde Hytaýyň başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. 90 minuda çeken duşuşykdan soň gepleşikler esasynda gazanylan netijeler barada bada-bat hiç bir zat aýdylmady.
Iki lideriň alty ýyldan soň geçiren ilkinji gepleşikleriniň çäginde, Hytaýyň seýrek ýerasty metallarynyň eksport çäklendirmelerini bir ýyl yza süýşürmeginiň, Amerikanyň oba hojalyk önümlerini satyn almagyny dikeltmeginiň, Tramp administrasiýasynyň Hytaý importyna girizen 100% pajyny ýatyrmagynyň we beýleki eglişikleriň öwezine, ABŞ-a sintetiki neşe serişdesi bolan fentaniliň bikanun iberilmeginiň öňüni almagy göz öňünde tutýan ylalaşygyň ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýardy.
Donald Tramp duşuşykdan öň ylalaşyga gelmek mümkinçiligine oňyn garaýandygyny bildirdi:
"Meniň pikirimçe, biz eýýäm köp mesele boýunça ylalaşyga geldik we häzir beýleki meseleler boýunça hem ylalaşarys" diýip, Tramp aýtdy.
Si Szinpin, muňa jogap hökmünde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň "berk binýadyny goýmak" üçin bilelikde işleşmäge taýýardygyny bildirdi.
Iki lider hem duşuşykdan soň hiç hili beýanat etmedi.