ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukraina bilen parahatçylyk ylalaşygy boýunça Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin ýörite wekili Stiw Witkoffy Moskwa iberýändigini aýtdy. Bu waka, Kiýew käbir soňky “duýgur” meseleler boýunça ylalaşyga gelnensoň, ylalaşygy “öňe ilerletmäge taýýardygyny” aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Ýakyn Gündogaryň we Ýewropanyň birnäçe ýurdunda delegasiýalaryň arasynda duşuşyklaryň geçirilmegine getiren bir günlük dartgynly diplomatiýadan soň, Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropanyň iň uly we iň gandöküşikli çaknyşygyny bes etmek üçin ylalaşyga tarap hereketler güýçlenýän ýaly bolup görünýär.
“Asly Birleşen Ştatlar tarapyndan işlenip düzülen 28 maddadan ybarat parahatçylyk meýilnamasy iki tarapdan hem goşmaça pikirler bilen kämilleşdirildi we diňe birnäçe ylalaşmazlyk nokady galdy” diýip, Tramp 25-nji noýabrda sosial mediada ýazdy.
“Bu Parahatçylyk meýilnamasyny tamamlamak umydy bilen, men öz ýörite wekilim Stiw Witkoffa Moskwada prezident Putin bilen duşuşmagy tabşyrdym we şol bir wagtyň özünde goşun sekretary Den Driskol ukrainler bilen duşuşar” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.