Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Moskwa raketalary synag etmän, Ukrainadaky çaknyşygy bes etmeli diýýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň ýadro däribaşyny göterip bilýän “Burewestnik” kontinentara ganatly raketasyny uçurandygy baradaky habarlara reaksiýa bildirdi.

Kreml biraz öň bu raketanyň synagynyň üstünlikli bolandygyny yglan etdi: harby lybas geýen Putin ony “dünýäde başga hiç kimde bolmadyk özboluşly önüm” diýip atlandyrdy.

Russiýanyň Baş ştabynda aýtmaklaryna görä, bu raketa “14,000 km aralyga uçdy”, ýagny ol ABŞ-nyň territoriýasyna zarba urmaga ukyply ýarag bolup durýar.

Tramp žurnalistleriň Orsýetiň bu ganatly raketasyny synag etmegi baradaky soraglara jogap berip, Putiniň sözlerini "ýerliksiz" diýip atlandyrdy. Ol (CNN-iň sitirlemegine görä) Putiniň "beýle gürrüň etmeli däldigini", onuň ýerine Ukrainadaky dört ýyla golaý dowam edýän çaknyşygy bes etmelidigini aýtdy. "Ynha, olar raketalary synag etmegiň ýerine şuny etmeli" diýip, Tramp nygtady.

"Biz oýun oýnamaýarys" diýip, Tramp aýtdy. Ol ABŞ-nyň hem hemişe raketa synag edýändigini we Amerikanyň "dünýäde iň gowy" ýadro suwasty gämisiniň eýýäm Russiýanyň kenarynda durandygyny belledi.

"Şeýle-de, onuň 8000 mil (12 müň km golaý) ýol geçmegi gerek däl" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG