Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Adalat ministrliginden Epşteýn işiniň ähli materiallaryny çap etmegi talap edýän kanuna gol çekendigini aýtdy


Jeffri Epşteýn sud zalynda
Jeffri Epşteýn sud zalynda

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Adalat ministrliginden maliýeçi Jeffri Epşteýniň işi bilen bagly ähli materiallary yglan etmegi talap edýän kanuna gol çekendigini aýtdy. Ýetginjek ýaşyna ýetmediklere garşy jynsy jenaýatlarda höküm edilen Jeffri Epşteýn täze sud prosesiniň geçirilmegine garaşýan mahaly, öz janyna kast etdi.

“Meniň görkezmäm boýunça Adalat ministrligi eýýäm tas 50 müň sahypalyk resminamalary Kongrese tabşyrdy. Ýadyňyzdan çykarmaň, Baýdeniň administrasiýasy demokrat Epşteýn bilen baglanyşykly bir faýly ýa-da sahypany hem tabşyrmady we ony hiç haçan agzamady” diýip, ol “Truth Social” sosial ulgamynda ýazdy.

Bu kanun taslamasy 18-nji noýabrda ABŞ-nyň Kongresiniň Senaty we Wekiller öýi tarapyndan tassyklandy. Bu, Trampyň Kongresiň respublikan agzalaryny bu resminamany goldamaga çagyrandan soň boldy.

XS
SM
MD
LG