Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň derhal ýadro ýaraglaryny synagdan geçirip başlamagyny tabşyrdy


“FoxNews” teleýaýlymynyň amerikan prezidentiniň sözlerine salgylanyp aýtmagyna görä, Donald Tramp ABŞ-nyň “haýal etmän” ýadro ýaragyny synag edip başlajakdygyny, sebäbi muny beýleki ýurtlaryň edýändigini” aýtdy.

Tramp ýadro synaglaryny geçirmek baradaky kararyny Uzak Gündogara sapary wagtynda we Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen bolan duşuşygyndan soň kabul etdi.

Şeýle-de, bu karar Putiniň geçen hepde Orsýetiň ýadro energiýasy bilen işleýän ýaraglarynyň iki sanysynyň üstünlikli synag edilendigi, "Burewestnik" raketasynyň we ýadro energiýasy bilen işleýän suwasty enjamyň, "Poseidonyň", hamala, urlup bilinmejekdigi barada aýdan sözleriniň yz ýanyna gabat geldi.

Tramp žurnalistleriň "beýleki ýurtlar" diýende Orsýeti göz öňünde tutup-tutmaýandygy baradaky soragyna jogap bermedi.

Şol bir wagtda, ol Amerikanyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmeginiň global deňeçerligi saklamak üçin "zerurdygyny" nygtady.

Tramp 29-njy oktýabr agşamy “Truth” sosial media hasabynda şeýle ýazdy: "Birleşen Ştatlaryň ýadro ýaraglary beýleki ýurtlara garanda has köp. Olaryň ägirt uly weýran ediji güýji sebäpli meniň muny ÖRÄN edesim gelmedi, ýöne başga çäre ýok! Russiýa ikinji, Hytaý bolsa, uly aralyk bilen, üçünji orunda, ýöne bäş ýylyň içinde biz bilen deňleşer. Şonuň üçin, beýleki ýurtlaryň synag maksatnamalaryna laýyklykda, men Goranmak ministrligine ýadro ýaraglarymyzy deň derejede synagdan geçirmäge başlamagy tabşyrdym. Bu proses derrew başlanar".

XS
SM
MD
LG