AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionynda düşürilen täsin suratlar. Has kän sergi görmek isleseňiz, "Picture This" arhiwine geliň.
Region görnüşleri # 49
5
Phenýan. Kim Il Sung skweri. Demirgazyk Koreýanyň merhum liderleriniň portretleriniň ýanyndan geçip barýan adamlar. (AFP/Ed Jones)
6
ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jorj Buş bilen hoşlaşyk pursaty. 4-nji dekabr, Waşington. Buş 30-njy noýabrda, Hýustondaky öýünde 94 ýaşynda aradan çykdy. (Reuters/Morry Gash)
7
Ozalky ABŞ senatory, II Jahan urşunyň weterany, 95 ýaşyndaky Bob Dole ozalky prezident Jorj Buşuň baýdaga dolanan tabydyna salýut bermek üçin maýyp arabasyndan galmakda kömek sorady. 4-nji dekabr, Waşington. ABŞ-nyň 41-nji prezidenti Jorj Buş 30-njy noýabrda, 94 ýaşynda aradan çykdy. (AFP/Alex Edelman / AFP)
8
Selsiýa boýunça -30 dereje sowukda doňan Ýeneseý derýasynda oýnaýan ýabany ördekler. Krasnoýarsk, Orsýet. (Reuters/Ilya Naymushin)