AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #35
21
25-nji awgustda Germaniýanyň Çemnitz şäherinde bir adamyň pyçaklanyp öldürilen ýerinde polisiýa yşarat edýän sag-gabat protegtestçiler. Polisiýa 35 ýaşyndaky adamyň şäher festiwaly mahalynda dürli mellet wekilleriniň özara darkaşynda pyçaklanandygyny aýtdy. (EPA-EFE/Filip Singer)
22
Pragadaky rus ilçihanasynyň öňünde Orsýetde terrorçylykda aýyplanan we türmä basylan, häzir açlyk yglan edýän ukrain kinoçysy Oleg Sentsowyň boşadylmagyny talap edip gurnalan proteste goşulan adam. (Reuters/David W. Cerny)
23
Tigir derýasynyň boýundaky gadymy Hasankeyf şäheriniň umumy görnüşi. Günorta-gündogar Türkiýede gurulýan Ilsuw bendi bu şäher suwa basdyrar öýdülýär. (Reuters/Sertac Kayar)
24
Minskiniň etegindäki köl boýunda gurnalan Azat Pianino çäresinde saz çalýan sazanda. (EPA-EFE/Tatyana Zenkovich)