AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #35
13
Günüň ýaşýan çagynda merkezi Moskwada pyýadalar köprüsinden geçip barýan adamlar. (AFP/Vasily Maximov)
14
Gang derýasyna bökýän hindi oglany. Juşi töweregi, Allahabad. (AFP/Sanjay Kanojia)
15
Ispaniýa, Walensiýanyň 50 km uzaklygynda ýerleşýän Bunol obasynda geçirilýän Pomidor festiwalyna gatnaşyjylar bir-birine pomidor zyňýar. Bu festiwalda bir sagatlyk pomidor zyňyşmaga gatnaşýan 20 müň çemesi adam üçin 160 tonna pomidor getirilip döküldi, köpüsi daşary ýurtlardan.(AP/Alberto Saiz)
16
Okuw ýylynyň birinji gününde mekdebe barýan palestin çagalary. Günorta Hibron, Ýattanyň ýanyndaky Sosio obasy. Günbatar kenar. 29-njy awgust. (EPA-EFE/Abed Al Hashlamoun)