AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #35
5
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramyň meýletinçi öňdebary toparynyň agzasy 30-njy awgustda Indianada, Evansvillede kampaniýa protestçisiniň suratyny aljak bolýan suratçynyň öňüni baglaýar. (AP/Evan Vucci)
6
Kiýewdäki rus ilçihanasynyň öňünde gündogar Ukrainada barýan urşuň we Ilovaisk şährinde bolan ganly söweşiň dört ýyllygyna gabat guralan protrest mahalynda rus prezidenti Wladimir Putiniň garantgasyny ýakýan protestçiler. (Reuters/Serhii Nuzhnenko)
7
Mejbury ýitireim edilenleriň halkara gününde ýiten adamlaryň atlary ýazylan kagyzlary galdyryp duran protestçileriň arasynda durup, aglaýan aýal. Pristina, Kosowo, 30-njy awgsust. (Reuters/Laura Hasani)
8
Moskwa metrosynda öz çagasyny göterip barýan aýalyň diwarda şöhlenen şekili. (AP/Aleksandr Zemlianichenko)