AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #35
17
Sagat-ganat protestçiler 25-nji awgust gijesinde gündogar Germaniýanyň Çemnitz şäherinde bir adamyň pyçaklanan ýerinde polisiýa tarap yşarat edýärler. 35 ýaşly adam şäher festiwaly döwründe, polisiýanyň sözlerine görä, "dürli milletden bolan adamlaryň özara dawasynda pyçaklanyp öldürildi". (EPA-EFE/Filip Singer)
18
Terrorçylykda aýyplanyp tussag edilen we häzir rus türmesinde açlyk yglan edýän ukrain kinoçysy Oleh Sentsowyň türmeden boşadylmagyny talap edip, Pragadaky rus ilçihanasynyň öňünde gurnalan proteste goşulan demonstrasiýaçy. (Reuters/David W. Cerny)
19
Tigr derýasynyň boýundaky gadymy Hasankeyf şäheriniň umumy görnüşi. Bu şäher günorta-gündogar Türkiýede gurulýan Ilsu bendi sebäpli düýpli suwa çümer öýdülýär. (Reuters/Sertac Kayar)
20
Minskiniň etegindäki kölüň boýunda gurnalan Azat Pianino çäresinde saz çalýan sazanda. (EPA-EFE/Tatyana Zenkovich)