AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #35
5
Ýetip gelýän otlynyň öňünden demirýoldan geçýän adamlar. Karaçi, Pakistan. Bu ýurtda her ýyl ýüzlerçe adamy otly kakaýar. (EPA-EFE/Rehan Khan)
6
Hindi balykçylary. Brahmaputra derýasy, Guwahati. (AFP/Biju BORO)
7
Grek heýkeltaraşy George Zongolopoulosyň "Saýawanlar" heýkeliniň aşagynda surat alýan adamlar. Thessaloniki. (AFP/Sakis Mitrolidis)
8
ABŞ-nyň senatory, Wýetnam urşunyň gahrymany we ozalky prezidentlige kandidat Jon Makkeýniň aýaly Sindi Makkeýn Arizonadaky hoşlaşyk dabarasynda adamsynyň tabydyna baş egýär. Jon Makkeýn 25-nji awgustda, 81 ýaşynda beýni düwnüginden aradan çykdy. ((Reuters/Ross D. Franklin/Pool)