AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #25
1
Morokkaly futbol janköýeri öz ýurdunyň komandasy 20-nji iýunda futbil çempionatynda Portugalyň komandasy bilen bäsleşenden soň Moskwanyň Gyzyl meýdanynda pökgi oýnaýar. (Reuters/Sergei Karpukhin)
2
Žurnalistler Pekinde Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Uny alyp barýandyr öýdülýän maşyn kerwenini surata düşürýärler. 19-nji iýun. (AP/Andy Wong)
3
Kakasynyň ýasap beren ýasama aýagynda ýöreýän 8 ýaşly Maýa Mohammad Ali Merhi. Demirgazyk Siriýanyň Idlip welaýtyndaky içerki bosgun lageri. (AFP/Aaref Watad)
4
Mazari-Şerif bazaryndaky kömür howlusynda işleýän günlükçi işçi. (AFP/Farshad Usyan)