AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #22
5
Buharest. Hökümet binasynyň öňündäki protestçiler anti-hökümet şygarlara gygyrýarlar. Ruminiýanyň Konstitusiýa sudy ýurduň korrupsiýa garşy baş prokurory Laura Kovesiň hökümet tarapyndan işden boşadylmagyny prezident Klaus Iohannisiň tassyklamalydygy barada karar çykardy. Hökümet Kovesi konstitusiýany bozmakda aýyplaýar, emma tarapdarlary onuň rumin syýasy elitasynyň arasyndaky korrupsiýany derňäni üçin ýanalýandygyny aýdýarlar. (AFP/Daniel Mihailescu)
6
Kiýew. 31-nji maý. Rus dissidenti Arkadiý Babçenko (sagda) ATR Krym tatar telekanalynyň başlygynyň orunbasary Aýder Muždabaýew bilen, ölüm habaryndan soň žurnalistiň işleýän ýerinde kärdeşleriniň galdyran hatyra ýazgylaryny synalaýar. (AFP/Genya Savilov)
7
Goşlary bilen hatara duran migrantlar. Fransuz polisiýasy Pariždäki ýasama lagerlerde ýaşaýan ýüzlerçe migranty ewakuasiýa edýär. 30-njy maý. (Reuters/Benoit Tessier)
8
29-njy maýda atylyp öldürilendigi habar berlen rus žurnalisti Arkadiý Babçenko (ortada) Ukrainanyň baş prokuroy Ýuriiý Lutsenkonyň (sagda) we döwlet howpsuzlyk gullugynyň (SBU) başlygy Wasiliý Gritsagyň ýanynda dur. Metbugat ýygnagynda onuň ölüminiň kast ediş synanyşygyndan halas etmek üçin sahnalaşdyrylandygy aýdyldy.