AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #16
1
Ermeni paýtagty Ýerewanda 20-nji aprelde müňlerçe adam tapgyr sekizinji gün proteste çykyp, ozalky prezident Serž Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşylyk bildirdi. 6- ýaşyndaky Lucine Burtoýan hökümetine binasyny goraýan polisiýa ofiserine ýüzlenip: "Gel bize goşul. Sen näme üçin [Sarkisýan] bilen? Sen näme üçin öz halkyň bilen däl" diýdi. (RFE/RL/Amos Chapple)
2
20-nji aprelde ermeni paýtagtynda 200 çemesi protestçi tussag edildi. Olar Serž Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşy protest bildirýärdiler. (RFE/RL/Amos Chapple)
3
Seul, Günorta Koreýa. Işçiler 22-nji maýda Buddanyň doglan gününi baýram etmäge taýýarlanyp, Jogye ybadathanasynda çyralary düzedýärler. (AP/Ahn Young-joon)
4
19-njy aprelde Ýerewanda ozalky prezident Serž Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşy guralan protestleriň ýedinji gününde 100-den gowrak adam tussag edildi. (Amos Chapple/RFE/RL)