Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokaýew Mirziýoýewiň Merkezi Aziýany Ýewraziýa ulag merkezine öwürmek ideýasyny goldady


Özbegistanyň we Gazagystanyň prezidentleri Şawkat Mirziýew we Kasymžomart Tokaýew. Daşkent, 2025-nji ýylyň 16-njy noýabry.
Özbegistanyň we Gazagystanyň prezidentleri Şawkat Mirziýew we Kasymžomart Tokaýew. Daşkent, 2025-nji ýylyň 16-njy noýabry.

Gazagystanyň prezidenti Kasymžomart Tokaýew 16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň ýedinji maslahat duşuşygynda çykyş edip, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýowiň sebiti Ýewraziýa üçin möhüm ulag we logistika merkezine öwürmek başlangyjyny goldady.

Duşuşyga Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Tokaýew global üýtgeşmeleriň şertlerinde sebitdäki ýurtlaryň ulag we logistika gatnaşyklaryny ösdürmek üçin strategik ýerleşýän ýerinden peýdalanmak üçin özboluşly mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

"Serhet geçelgelerinde yzygiderli barlaglaryň we aşa köp býurokratik amallaryň öňüni almak üçin, Ýükleriň Yzarlaýyş ulgamynyň bitewiligini ornaşdyrmagyň maksada laýyk boljakdygyna ynanýarys. Sebitiň mümkinçiliklerini has-da güýçlendirmek üçin, Merkezi Aziýanyň Ulag ulgamyny ösdürmek üçin toplumlaýyn strategiýany bilelikde işläp düzmegi teklip edýäris. Serhetýaka senagat merkezleriniň çalt ösýän ulgamlary uly mümkinçilikleri hödürleýär. Olaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň bir bölegi hökmünde ýokary tehnologiýaly taslamalary başlamaga üns bermelidiris" diýip, Tokaýew aýtdy.

Ol bu mümkinçiligi doly durmuşa geçirmek üçin ähli ýurtlaryň utgaşdyrylan tagallalarynyň zerurdygyny sözüne goşdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara serhetlerinde ýük ulaglarynyň ençeme günläp ýa-da hepdeläp geçip bilmän saklanmagy ýaly ýagdaýlar gaýtalanyp durýar.

Soňky ýylda, hususan-da, Türkmenistanyň öz raýatlaryny Özbegistan we Gazagystan bilen serhetlerinden geçirmezligine degişli ýagdaýlaryň ençemesi ýüze çykdy.

XS
SM
MD
LG