20 ýyl ozal Russiýanyň premýeri ministri Wladimir Putin Çeçenistana harby operasiýany başlatdy.
'Dowzaha hoş geldiňiz, II bölüm': Ikinji çeçen urşy
20 ýyl ozal Russiýanyň premýeri ministri Wladimir Putin Çeçenistana harby operasiýany başlatdy.
9
Russiýanyň hüjüm edijji dikuçarlary Çeçenistanda bir oba hüjüm etdi. Wakada parahat ilatdan ençeme adam öldi.
10
1999-njy ýylyň noýabrynda Russiýanyň ýarym tonna partladyjy serişdäni götermäge ukyply "Toçka" raketasy çeçen gozgalaňçylary tarapyndan ulanylýan ýola tarap atyldy. 21-nji oktýabrda rus harby güýçleri birnäçe taktiki ballistik raketalary Groznyýnyň merkezine atyp, bir bada 100-den gowrak adamy öldürdi. Bu waka halkara derejesinde närazylygyň döremegine sebäp boldy.
11
Çeçenistanyň nebit ýataklary Russiýadaky nebit öndürýän birnäçe regionyň biri bolup, onuň territoriýasyndan gaz geçiriji hem geçýär. 1990-njy ýyllaryň dowamynda Russiýanyň harbylarynyň Çeçenistanyň nebit baýlygyndan girdeji almaga gatnaşandygy aýdylýar.
12
Groznyýnyň çetindäki döwük beton bölegine gyzyl boýag bilen ýazylan "Dowzaha hoş geldiňiz, II bölüm" ýazgysy. Beýleki ýazgy Russiýanyň gündogaryndaky Irkutsk regionyndan bolan federal güýçlere degişli bolup, onda şeýle ýazylypdyr: "Biz dolandyk".