Owganystan bilen aradaky serhetde ýaragly adamlar bilen bolan çaknyşykda iki täjik serhetçisi öldürildi diýip, Ozodi radiosy, Azatlyk radiosynyň täjik gullugy habar berdi.
Ozodiniň maglumatyna görä, bu waka 24-nji dekabrda, Şamsiddin Şohin etrabynda bolupdyr.
Radionyň çeşmeleri Owganystandan bolan gaçakçy, kontrabanda toparynyň serhedi bozandygyny, atyşyk wagtynda Serhet gullugynyň işgärleriniň birnäçesiniň wepat bolandygyny, birnäçe adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.
Duşenbe serhetde bolan waka barada häzirlikçe hiç hili düşündiriş bermedi.
Ozodi radiosynyň žurnalistleri pidalaryň 28 ýaşly Ismatullo Kurbonow we 33 ýaşly Zirebon Nawruzbekowdygyny anykladylar.
Neşiriň çeşmeleriniň maglumatyna görä, güman edilýän gaçakçylaryň biri tussag edildi.
Kabulyň “Haşti Subh” gazeti 24-nji dekabrda, öz çeşmelerine salgylanyp, iki täjik serhetçisiniň Owganystanyň territoriýasyndan atylan oklar netijesinde, iki ýaragly owganyň bolsa täjik güýçleriniň jogap oklary netijesinde öldürilendigini habar berdi.
Gazetiň çeşmeleriniň biri olaryň neşe söwdagärleri bolandygyny öňe sürdi.