Täjigistana 2013-nji ýyldan öň öndürilen ulaglaryň getirilmegini gadagan edýän kanun güýje gireninden iki hepde soň, ýaşaýjylar ulanylan ulaglaryň bahasynyň ýokarlanmagyndan, nägile bolup başladylar.
Söwdagärler raýatlaryň täze ulaglary satyn almaga mümkinçiliginiň ýokdugyny, şonuň üçinem köne ulaglara bolan talabyň artandygyny aýdýarlar.
Hojandyň maşyn bazary ulanylan maşyndan hem alyjydan doly, şonda-da söwda gyzyşyp barmaýar. Satyjylar we alyjylar sagatlap, el urup söwdalaşýarlar, ýöne bahada ylalaşyp bilmeýärler. Söwdanyň ýagdaýyny bilýän adamlaryň aýtmagyna görä, köne ulaglaryň getirilmegini gadagan edýän täze kararyň güýje girizilmeginden soň, şeýle ýagdaý ýüze çykypdyr.
Aýni etrabynyñ ýaşaýjysy Mirsaid Nurow köne ulaglaryň bahasynyň ozal 30 müň somoniden geçmändigini, indi olaryň bazarda 60 müň somonä ýetendigini aýtdy.
Dewaştiç etrabyndan bolan Nazarkul Juraýew hem mundan öň ulanylan Daewoo Matiz kysymly ulaglaryň bahasynyň 10-12 müň somoni bolandygyny belledi. «Häzir satyjylar şeýle ulaglar üçin, 40-50 müň soraýarlar. Bu öňküsinden bäş-alty esse ýokary» diýip, ol aýdýar.
Orta derejede girdejisi bolan adamlar öň ulanylan Opel ýa-da şol topara degişli beýleki ulaglary arkaýyn satyn almaga höweslidiler. Ýöne täjik hökümetiniň çykaran kararyna görä, 2-nji oktýabrdan başlap, ýurda 2013-nji ýyldan öň zawodlar tarapyndan öndürilen ulaglaryň getirilmegi gadagan edildi.
Ulag söwdasyny edýän satyjylar kameranyň öňünde durup, maşyn bazaryndaky ýagdaý barada, pikir alyşmakdan boýun gaçyrýarlar. Ikiçäk gürrüňçilikde bolsa, olar ulaglaryň bahasynyň ýokarlanmagy ýa-da pese düşmegi "bazaryň talaby" diýýärler, muňa bolsa dürli sebäpler täsir edip bilýär.
Abduholik Şarifow alyp-satyjy däl, maşynyň söwdasyny-da etmeýär, ýöne ulanylan ulaglaryň bahasynyň ýokarlanmagy barada myş-myşlary eşidenden soň, ol sowet zamanyndan galan köne maşynyny satmagy ýüregine düwüpdir. «Adatça köne ulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlar arzan bolýar, şonuň üçinem häzir adamlar meniňki ýaly, köne maşyn satyn aljak bolýarlar» diýip düşündirýär.
Täjigistan ýeňil awtoulaglary öndürmeýär. Täjigistana getirilýän ulaglaryň köpüsi Ýewropada, Hytaýda, Koreýada, Russiýada we ABŞ-da öndürilen we öň ulanylan ulaglardyr.
Täjigistanyň gümrük gullugynyň maglumatyna görä, şu ýylyň ilkinji alty aýynda, ýurda 36 müň 800 sany ýeňil awtoulag getirilipdir. Soňky üç ýylyň dowamynda, Täjigistana 2013-nji ýyldan öň öndürilen 110 müň çemesi ulag getirilipdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum