Rus goşunlarynyň uran zarbalary, Döwlet adatdan daşary ýagdaý gullugynyň habaryna görä, 30-njy oktýabr gijesi Sumy şäherinde on bir adamy, şol sanda dört çagany ýaralady.
"Dokuz gatly ýaşaýyş jaýyna urlan zarba netijesinde ýokarky gatlardaky bäş kwartira we ýedi balkon otlandy. Döwlet adatdan daşary ýagdaý gullugynyň işgärleri kwartira jaýlarynyň 12 ýaşaýjysyny halas etdiler. Hususy sektorda iki sany kommunal jaý ýandy, partlama tolkuny bir gatly, bäş kwartiraly jaýa zyýan ýetirdi. Iň uly zyýan we uly möçberli ýangynlar infrastruktura desgasynda boldy" diýlip, beýanatda aýdylýar.
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski 30-njy oktýabrda Donetsk sebitindäki Slawýansk ýylylyk elektrik stansiýasyna edilen hüjümde adam pidalarynyň bolandygyny habar berdi. Ol elektrik stansiýasynyň iki işgäriniň ölendigini aýtdy.
“Birnäçe sagat mundan ozal Slawýansk ýylylyk elektrik stansiýasyna zarba uruldy, rus bombalarynyň hüjümi boldy. Gynansak-da, iki adam öldi. Ýaraly bolanlar hem bar. Bu diňe terrorçylyk hereketi. Nyşana - energiýa. Hüjüm çylşyrymly, utgaşdyrylan we bilkastdan hasaplanan, bu ýagdaý oňa garşy durmagy kynlaşdyrdy” diýip, Zelenski 30-njy oktýabr agşamy eden çykyşynda aýtdy.