Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda gurulýan metro stansiýasy çökdi, bir işçi öldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Stambulda täze Kabataş metro stansiýasynyň gurluşygynda ýer çökdi.

Hadysanyň Beşiktaş etrabynda M7 metro liniýasynyň gurluşygy barýan ýerinde beton guýlan wagty bolandygy habar berilýär. Uç adam hassahana äkidildi we bir gurluşyk işçisini halas edip bolmady diýip, "Haberler" neşiri ýazýar.

CNN Türk-iň habaryna görä, ölen adam 44 ýaşly Selahattin Erdogan. Başga dört gurluşyk işçisi hem ýaralandy.

Mundan öň "Haber 7" neşiri üç işçiniň ýeriň opurylan ýerinden özbaşdak çykarandygyny, ýaralanan iki işçiniň bolsa halas edijiler tarapyndan çykarylyp, lukmançylyk işgärlerine tabşyrylandygyny habar berdi.

Stambul şäher häkimliginiň beýanatyna görä, waka boýunça administratiw derňew başlanypdyr.

Kabataş stansiýasy M7 liniýasynyň ahyrky nokady bolmaly we Bosfor bogazynyň kenarynda ýerleşýär. Onuň 2027-nji ýylda açylmagy meýilleşdirilýär, ýöne gurluşyk işleri, şol sanda arheologik gazuw-agtaryş çäreleri sebäpli birnäçe gezek yza süýşürildi.

2021-nji ýylda alymlar bu ýerde gadymy mozaikalary tapandyklaryny habar berdiler we bu ýeriň bir wagtlar Osman imperiýasy döwründe kiçijik aýlag we port bolandygyny öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG