Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýadan ugran ýük otlusy ilkinji gezek Türkmenistandan geçip, Eýrana bardy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Russiýadan ugrap, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçen ilkinji ýük otlusy Eýrana bardy diýip, “Biznes Türkmenistan” Eýranyň IRNA agentligine salgylanyp ýazdy.

Otly Eýrana kagyz, sellýuloza hem-de beýleki senagat önümleri ýerleşdirilen 40-futlyk konteýnerleriň 562 sanysyny alyp bardy.

Russiýanyň, Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň çäginden geçip, Eýrana baran ýük otlusy bu aralygy 12 günde geçdi.

Habarda bellenmegine görä, bu Russiýa, Eýran hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda yzygiderli demirýol aragatnaşygyny ýola goýmagyň başlangyjy boldy.

"Demirgazyk — Günorta" halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugruny ösdürmek, Demirgazyk Ýewropa, Russiýa, Hazar sebiti, Eýran we Hindistan arasynda söwda gatnaşyklaryny has çalt we amatly ýol arkaly ýola goýmaga mümkinçilik berer diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG