Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýadaky özbekleriň "Watandoş" jemgyýetiniň başlygyna goşmaça ýyl kesildi


Usman Baratow
Usman Baratow

Nowgorod sebitiniň Waldaý etrap kazyýeti "Watandoş" özbek jemgyýetiniň prezidenti Usman Baratowy, türmäniň işini bozandygy üçin diýip, berk düzgünli jeza koloniýasynda bir ýyl sekiz aý tussaglyga höküm etdi.

Ol Jenaýat kodeksiniň 321-nji maddasynyň 2-nji bölümi esasynda günäli tapyldy diýip, “Graždanskiý kontrol” habar berýär.

Onuň berk düzgünli türme tussaglygyna höküm edilmegi, ýagdaýyny agyrlaşdyrýan tussaglygy, ozal ýigrenji öjükdirmekde aýyplanmagy, ýagny Jenaýat kodeksiniň 282-nji maddasynyň 2-nji bölüminiň "b" bölüminde günäli tapylmagy bilen bagly.

Prokuror onuň bir çene baran ýaşynyň we saglyk ýagdaýynyň jezanyň ýumşadylmagy üçin delil boljakdygyny ýaňzytdy. Aklawçy onuň aklanmagyny sorady.

Derňewçileriň aýtmagyna görä, Baratow tussaghananyň azyk gapysy arkaly geçirilen söhbetdeşlikde, hamala, FSIN işgäriniň wideokamerasyny elinden alyp, enjamy onuň ýüzüne zyňypdyr. “Enjam onuň döşüne degip, agyry-ynja sebäp boldupdyr”.

Baratow diňe ýere gaçan kamerany alyp, ofiser almakdan ýüz öwüreninden, ony bir gyra taşlandygyny, sebäbi "elini uzadyp durmagyň oňaýsyz bolandygyny” aýdýar. Şol wagt wideokamera işlememänsoň, "hüjüm" ýazgy edilmändir.

Usman Baratow 2024-nji ýylyň awgust aýynda dört ýyl azatlykdan mahrum edildi. "Odnoklassniki" sosial media sahypasynda towuklaryň suraty bilen ýerleşdiren ýazgysy, bir towugyň adyndan "Size ne ýag, ne ýumurtga bar! Horazlary frontdan yzyna getiriň!" diýen sözleri onuň türmä basylmagyna alyp geldi.

XS
SM
MD
LG