Rus goşunlary 10-njy oktýabra geçilýän gije Ukrainanyň iň zerur infrastruktura desgalaryna hüjüm etdiler diýip, Ukrainanyň prezident edarasynyň başlygy Andriý Ýermak habar berdi. Kiýew we Zaporiziýa giň gerimli hüjüme sezewar boldy.
"Raýat nyşanalaryna we adamlara raketalar we pilotsyz uçarlar bilen zarba urmagy dowam etdirýärler. Hatda HAMAS hem atyşygy bes etmäge ukyply, ýöne Putin häzirlikçe beýle däl. Russiýa garşy has köpçülikleýin çäre görülmegi gerek" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko Peçerskiý etrabyna eilen hüjüm netijesinde 17 gatly binada ýangyn turandygyny, altynjy we ýedinji gatdaky kwartiralary ot-ýalnyň gaplap alandygyny habar berdi.
Holosiýewsk etrabynda on gatly binanyň bäşinji gatynyň fasadyna we penjirelerine zyýan ýetdi, howludaky awtoulaglar ýandy. Desnýansk etrabynda urlan raketanyň galyndylary poliklinikanyň golaýyndaky açyk ýere gaçdy. 12 adam ýaralandy.
Möhüm infrastruktura desgalaryna edilen hüjüm netijesinde şäheriň çep kenar tarapy elektriksiz galdy. Mundan başga, suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler hem ýüze çykdy. Kliçko "ýagdaý çylşyrymly" diýdi.
Zaporižiýa şäherinde ýaşaýyş ýerlerine we infrastruktura urlan pilotsyz uçar zarbalary netijesinde ýedi ýaşly çaga wepat boldy, dört adam, şol sanda ýogalan oglanyň ene-atasy ýaralandy diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Iwan Fedorow habar berdi.