Ukrain häkimiýetleriniň maglumatyna görä, 19-njy noýabrda irden Russiýanyň birnäçe sürüjisiz uçary we raketalary Ukrainanyň köp sebitlerine hüjüm edip, giň gerimli partlamalara we adatdan daşary elektrik kesilmegine sebäp boldy.
Ukrain metbugaty hüjümleriň gündogar we günbatar Ukrainany nyşana alan mahaly Ternopil, Hmelnitskiý, Iwano-Frankiwsk, Rowne, Lwow we Dnepropetrowsk sebitlerinde partlamalaryň bolandygyny habar berdi.
Ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiý rus zarbalarynyň Ternopildäki köpgatly ýaşaýyş jaýlaryna urlandygyny we azyndan 9 adamyň ölendigini we onlarça adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Zelenskiý adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň hüjümleriň ýetiren zyýanyny aradan aýyrmak üçin irden işleýändigine garamazdan, harabalyklaryň aşagynda galan adamlaryň bolmagynyň mümkindigini sözüne goşdy.
"Adaty durmuşa edilýän her bir gödek hüjüm Russiýa edilýän basyşyň ýeterlik däldigini görkezýär" diýip, Zelenskiý Telegram-da ýazdy.
Günbatar Ukrainanyň Lwow şäheriniň häkimi Andriý Sadowy Telegram ulgamynda çap eden maglumatynda ýaşaýjylary gaçybatalga gözlemäge çagyrdy.