Rus goşunlary 25-nji noýabra geçilýän gije Kiýewe hüjüm edip, iki adamy öldürdi diýip, Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy habar berdi.
Döwlet edarasynyň maglumatyna görä, alty adam ýaralandy. Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko dokuz adamyň, şol sanda bir çaganyň ýaralanandygyny ýazdy.
Şäheriň Peçerski etrabynda 22 gatly ýaşaýyş jaýyna zarba uruldy, 4-8-nji gatlardaky kwartiralara zyýan ýetdi. "Ýangyn söndürildi we gurluşyk işleri dowam edýär" diýip, Döwlet adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň beýanatynda aýdylýar.
Dneprowsk etrabynda rus goşunlary dokuz gatly jaýa zarba urdylar, bäşinji gatdan sekizinji gata çenli aralykdaky kwartiralary ot-ýalyn gaplady. Binadaky pidalary gözlemek işleri dowam edýär.
Kiýew şäher harby administrasiýasynyň başlygy Timur Tkaçenko soňra Swýatoşinsk etrabynda dört adamyň ölendigini we azyndan üç adamyň ýaralanandygyny ýazdy.
"Ruslar raýat infrastrukturasyny we ýaşaýyş jaýlaryny bilkastdan nyşana alýarlar. Bimessep terror" diýip, ol ýazdy.
UNIAN agentligi, Kiýew şäher harby administrasiýasyna salgylanyp, hüjümden soň Kiýewiň ýedi etrabynda ýyladyş ulgamynyň işiniň bölekleýin kesilendigini habar berýär.
Peçersk we Golosiýwsk etraplarynyň ýaşaýjylary, şeýle-de Şewçenk, Solomýansk, Swýatoşinsk, Darnitsk we Dneprowsýetraplaryndaky käbir jaýlaryň ýylylyk üpjünçiligi çäklendirildi.
Döwlet adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, 24-nji noýabr agşamy we 25-nji noýabra geçilýän gije rus goşunlary Odessa sebitine gaýtadan hüjüm etdiler. Hüjümler energiýa we port infrastruktura desgalarynda turan ýangynlara sebäp boldy. Alty adam, şol sanda Iki çaga ýaralandy.