Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus zarbalary Poltawa sebitindäki energiýa infrastrukturasyna zyýan ýetirdi


Rus goşunlary 3-nji oktýabra geçilýän gije Poltawa sebitine uly zarba urdy diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Wolodymyr Kogut habar berdi.

Onuň sözlerine görä, rus goşuny pilotsyz uçarlary we raketalary ulandy, energetika infrastrukturasyna zyýan ýetdi, urlan pilotsyz uçaryň galyndylary Poltawa jemgyýetindäki hususy jaýa zyýan ýetirdi, ýaralanan adam bolmady.

“Financial Times” Russiýanyň Ukraina garşy urýan zarbalarynda ulanýan “Iskander-M” we “Kinžal” raketalaryny döwrebaplaşdyrmagy başarandygyny habar berdi.

Neşir bu raketalaryň ilki başda adaty, standart traýektoriýa boýunça uçýandygyny, soň birden, soňky uçastokda başga bir ugra gidip ýa-da öwrüm edip, “Patriot” howa goragy ulgamyny aldawa salýandygyny ýazýar. Netijede, Ukrainanyň ballistik raketalary saklamak derejesi awgust aýynda 37% bolanlygyndan sentýabr aýynda 6% -e çenli aşak gaçdy.

XS
SM
MD
LG