Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus pilotsyz uçary Dunaý derýasyndaky LPG gämisine hüjüm edensoň, Rumyniýanyň obasy ewakuasiýa edildi


LPG gämisiniň ot alýan pursady
LPG gämisiniň ot alýan pursady

Rumyniýanyň häkimiýetleri ýurduň Ukraina bilen serhedini emele getirýän, Dunaý derýasynyň kenaryndaky Plauru obasynyň ýaşaýjylaryny ewakuasiýa etmegi buýurdy. Bu waka, habar berilmegine görä, pilotsyz uçaryň derýanyň Ukraina tarapynda LPG, ýagny suwuklandyrylan gaz daşaýjy gämä hüjüm etmeginiň yz ýany boldy.

Ýurduň Goranmak ministrligi 17-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda özüniň radar dolandyryş we gözegçilik ulgamlarynyň Plaurunyň ýerleşýän Tulça etrabynyň golaýyndaky Ukrainanyň howa giňişliginde nyşanalary hem anyklap, yzarlaýandygyny aýtdy.

Beýanatda etrabyň demirgazyk böleginde ilat üçin duýduryş çäreleriniň durmuşa geçirilýändigi barada Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Baş inspeksiýa habar berlendigi hem bellenilýär.

Ministrlik Rumyniýanyň howa giňişligine rugsatsyz uçarlaryň girmändigini aýtsa-da, Russiýanyň Dunaý sebitindäki Ukrainanyň portlaryna hüjümleri NATO agza döwletinde birnäçe howsala döretdi.

XS
SM
MD
LG