Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşuny Odessadaky demirýol ammaryna hüjüm etdi, otly sürüjisi ýaralandy


Rus goşuny 2-nji oktýabra geçilýän gije Ukrainanyň demirýol infrastrukturasyna hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň dikeldiş boýunça wise-premýeri Oleksiý Kuleba aýtdy.

Onuň sözlerine görä, rus goşunlary Odessadaky “Ukrzaliznytsia” ammaryna hüjüm edip, otly sürüjisini ýaralady. Ýurduň demirgazygyndaky demirýol infrastrukturasy desgalary, hususan-da Sumy sebitindäki Konotop şäheri nyşana alyndy.

Otlular zarba urlan ýerden howpsuz aralykda saklandy; ir sähere çenli ýetirilen zyýan aradan aýryldy, gatnaw hereketi dowam etdirildi we ýokarky aragatnaşyk ulgamy dikeldildi.

"Hüjüm sebäpli Çernihiw we Sumy ýollaryndaky otlularyň käbiri gijä galýar. Biz şeýle uly hüjümleriň hem Ukrainanyň transport arteriýalaryny kesmezligi, olara zyýan ýetirmezligi üçin elimizden gelenini edýäris" diýip, Kuleba ýazdy.

Odessada, zyýan çeken depodan başga, hususy jaýa hem zyýan ýetdi. Bir adam ýaralandy diýip, Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy habar berdi.

Dnipropetrowsk sebitiniň Sinelniki etrabynyň Pokrowsk jemgyýetine urlan zarba netijesinde hususy jaý we onuň ýanynda goýlan awtoulaglar ot aldy; hiç kim ýaralanmady. Buçada iki gatly şypahananyň binasy ot aldy, bir adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG