Rus goşunlarynyň Kiýewe eden giň gerimli hüjüminde iki adam öldi, 19 adam, şol sanda bäş çaga ýaralandy diýip, şäher häkimi Witaliý Kliçko habar berdi.
Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy Dniprowskiý etrabynda 16 gatly bina zyýan ýetendigini, altynjy gatdaky kwartiralaryň ýakylandygyny aýtdy. Bu binadan iki pidanyň jesedi tapyldy.
Darnitsk etrabynda 17 gatly binanyň bäşinji gatynda, şeýle-de ýaşalmaýan iki gatly jaýda ýangyn döredi. Desnýansk etrabynda 10 gatly binanyň fasadyna zyýan ýetdi, awtoulag we gaz turbasy ot-ýalna gaplandy. Peçersk etrabynda 25 gatly binanyň ýokarky gatyna zarba uruldy. Turan ýangyn ýangyn söndürijiler gelmezinden öň söndürildi.
Kiýew sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Mykola Kalaşnik rus goşunlarynyň energiýa infrastrukturasyna hüjüm edendigini habar berdi.
Sebitde elektrik togunyň berilmegi gyssagly ýagdaýda bes edildi. "Bu hüjüm Browari etrabynda iki sany hususy jaýyň otlanmagyna sebäp boldy. Ýangyç guýulýan bekediň fasadyna zyýan ýetdi. Pogrebi obasynda zyýan ýeten jaýlaryň birinde adamlaryň bolan bolmagy mümkin. Halas edijiler wakanyň bolan ýerinde işleýär" diýip, Kalaşnik ýazdy we iki adamyň ýaralanandygyny hem sözüne goşdy.
Döwlet gyssagly kömek gullugynyň maglumatyna görä, Odessa sebitindäki Izmail şäherinde, rus hüjümi netijesinde, energiýa we port infrastruktura desgalarynda ýangyn döredi.