Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary Zaporižiýa sebitine zarba urup, 19 adamy ýaralady


 Zaporižiýa sebitine edilen hüjümlerde 19 adamy ýaralandy
Zaporižiýa sebitine edilen hüjümlerde 19 adamy ýaralandy

Rus goşunlary 26-njy noýabra geçilýän gije Zaporižiýa sebitine uly zarba urup, 19 adamy ýaralady diýip, sebit harby administrasiýanyň başlygy Iwan Fedorow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, sebitiň üç etrabynda 31 sany köp gatly jaýa, 20 sany hususy ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetdi. Mundan başga, bilim edarasynyň umumy ýaşaýyş jaýy, ýaşalmaýan jaýlar we binalar ýumruldy.

"Rus goşuny şähere jemi 11 gezek zarba urdy. Häzir şäheriň ähli jemagat hojalygy gulluklary dikeldiş işlerine gatnaşýar" diýip, Fedorow ýazdy.

Onuň maglumatyna görä, rus harby güýçleri bary-ýogy bir günüň dowamynda Zaporižiýa sebitindäki 21 ilatly ýere 771 gezek zarba urdy, ýaşaýyş jaýlaryna, enjamlara we infrastruktura desgalaryna ýeten zyýan barada 78 habar gelip gowuşdy.

Rus häkimiýetleri Zaporižiýa sebitine edilen hüjüm barada häzirlikçe hiç bir beýanat etmediler.

XS
SM
MD
LG