Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary Kiýewe, Harkow we Sumy sebitlerine zarba urdy, bir adam ölüp, 14 adam ýaralandy


Harkow, 22-nji oktýabr.
Harkow, 22-nji oktýabr.

Rus goşunlary 23-nji oktýabra geçilýän gije Kiýewe, Harkow we Sumy sebitlerine zarba urdy.

Kiýewiň häkimi Witali Kliçko şähere edilen hüjümde ýedi adamyň ýaralanandygyny, olaryň bäşisiniň saglyk işgäridigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Kiýewiň Podolsk etrabynda üç ýaşaýyş jaýynda ýangyn turdy, partlama tolkuny bir topar binanyň penjire ýanalaryna zeper ýetirdi, etrap mekdepleriniň birinde 40-dan gowrak penjire döwüldi, çagalar bagynda hem döwlen penjireler boldy, ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda duran awtoulaglary ot-ýalyn gaplady.

Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy köp gatly binanyň üçegimiň we iki kwartirasynyň bölekleýin weýran bolandygyny, bäş gatly binadaky bir kwartirada ýangyn turandygyny, işewürlik merkezine zyýan ýetendigini habar berdi.

Obolonskiý etrabyndaky partlama tolkuny bir jaýyň penjirelerine zyýan ýetirdi.

Desnýansk etrabynda bir pilotsyz uçaryň atan topy ýaşaýyş jaýynyň 21-nji gatyna degdi, emma partlamady.

Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugynyň işgäri, 4-nji ýangyn-halas ediş toparynyň 43-nji bölüminiň komandiri Ýuriý Çistikow Harkow sebitiniň Kupýansk etrabynda turan ýangyny öçürýän wagtynda wepat boldy.

Habarda aýdylmagyna görä, halas edijiler işleýän wagtynda rus harby güýçleri ýene-de bir zarba urupdyr. Şeýle-de, bäş halas ediji ýaralandy.

XS
SM
MD
LG