Rus goşunlary 26-njy sentýabr güni irden, bir sagadyň dowamynda, Hersona 15-e golaý awiabomba taşlady diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Prokudin habar berdi.
"Urlan zarbalar netijesinde administratiw bina we dokuz sany hususy jaýa zyýan ýetdi. Edil häzir ejir çekenler barada maglumat ýok" diýip, ol ýazdy.
Sumy şäher harby dolandyryş gullugynyň başlygy Serhiý Kriwoşenko Stetskiý Starostinskiý etrabynda ýaşaýyş jaýlaryna hüjüm edilendigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetdi, elektrik we gaz kesilmesiniň ýüze çykmagy mümkin.
Ukrainanyň Howa güýçleriniň serkerdeliginiň maglumatyna görä, rus goşuny 26-njy sentýabra geçilýän gije Ukraina 154 sany pilotsyz uçar zarbasyny urdy. Ir sagat 7:30 çenli howa goranmak güýçleri ýurduň demirgazygynda, günortasynda, gündogarynda we merkezinde 128 pilotsyz uçary urdy. 26 sany pilotsyz uçaryň dokuz ýere zarba urandygy, bir ýere urlan pilotsyz uçaryň galyndylarynyň gaçandygy hasaba alyndy diýip, habarda aýdylýar.