Rus goşunlary 16-njy oktýabra geçilýän gije Çernihiw sebitine uly hüjüm etdi.
Çernihow şäher harby administrasiýasynyň başlygy Dmytro Brižinskiý bu hüjümde bir kärhananyň nyşana alnandygyny we hiç kimiň ýaralanmandygyny habar berdi.
Nižinde logistika desgalaryna we köp gatly jaýa zyýan ýetdi diýip, Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugynyň habarynda aýdylýar.
Çernihow sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Wýaçeslaw Çaus Nižine edilen hüjümi "giň gerimli" diýip atlandyrdy.
Onuň sözlerine görä, pilotsyz uçarlar “Nowa Poşta” terminalyna, raýat infrastrukturasyna hüjüm etdi, köp gatly jaýa iki gezek zarba urdy. Deslapky habarlarda iki adamyň ýaralanandygy aýdylýar.
Rus harby güýçleri DTEK Naftogazyň Poltawa sebitindäki energiýa infrastrukturasyna hüjüm etdi. "Hüjüm netijesinde Poltawa sebitinde gaz öndürýän desgalar işini togtatdy" diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.