Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyn häkimi Russiýanyň dron hüjümleri zerarly öz obasynyň “urşuň bir bölegine” öwrülendigini aýdýar


Türk LPG gämisiniň ot alýan pursady
Türk LPG gämisiniň ot alýan pursady

Germaniýanyň we Rumyniýanyň söweş uçarlary Rumyniýanyň howa giňişligine gönükdirilen birnäçe dron hüjümleriniň iň soňkusyny yzarlamak üçin 25-nji noýabrda asmana uçuryldy. Bu waka, Russiýanyň Rumynýanyň Dunaý derýasynyň aňyrsyndaky goňşusy Ukrainada nyşanalara hüjüm etmegini dowam etdirýän mahaly boldy.

NATO agza Rumyniýanyň howa giňişligine iki dron girdi we ýene alty sanysynyň Moldowada hasaba alnandygy, olardan biriniň binanyň üçegine gaçandygy, ýöne partlamandygy habar berildi. Bu, geçen hepde rus dronunyň derýanyň Ukraina tarapynda duran türk LPG tankerine hüjüm etmegi bilen bagly wakadan soň boldy.

“Biz özümizi urşuň bir bölegi ýaly hasaplaýarys” diýip, Çeatalçioi obasynyň häkimi Tudor Çerniga Azatlyk Radiosynyň Rumyn gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

“Eger gämi partlan bolsa, tutuş oba ýok bolardy” diýip, ol sözüne goşdy.

Partlama we şondan soň dörän ýangyn sebäpli obanyň we onuň dolandyryşyna degişli bolan golaýdaky Plauru şäherçesiniň ýaşaýjylary wagtlaýynça ewakuasiýa edildi.

XS
SM
MD
LG