Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýykylan AZAL uçaryna rus raketasynyň degendigini boýun aldy


Ýykylan uçar
Ýykylan uçar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Duşenbede Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen bolan duşuşygynda Azerbaýjan howa ýollarynyň (AZAL) 2024-nji ýylyň dekabrynda ýykylan “Embraer 190” uçarynyň Russiýanyň howa goragçylarynyň atan raketalary sebäpli heläkçilige uçrandygyny tassyklady.

2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda ýykylan Azerbaýjan uçaryna Bakuwdan Grozna uçup gelýän wagtynda, Russiýanyň howa giňişliginde zyýan ýetirildi.

Ol Hazar deňziniň üsti bilen Gazagystanyň Aktau howa menziline baryp ýetmegi başardy, ýöne gonmaga synanyşanda heläkçilige uçrady. Bu hadysada otuz sekiz adam ýogaldy, 29 adam aman galdy.

Şol günüň ertesi "Roýters" we "Euronews", Bakuwdaky çeşmelere salgylanyp, uçaryň Russiýanyň howa goragy ulgamy tarapyndan urlandygyny we uçarmanlara rus howa menzilleriniň birine gonmagygyň gadagan edilendigini we Gazagystana uçmagyň buýulandygyny habar berdi.

Putin bolup geçen wakalar barada öz wersiýasyny beýan etdi. Ol Russiýanyň howa goragçylarynyň üç sany ukrain pilotsyz uçaryny "nyşana alandygyny", soňra Azerbaýjan howa ýollarynyň uçaryndan "birnäçe metr aralykda ýarylan" iki raketany atandygyny öňe sürdi.

Onuň sözlerine görä, uçar urlupdyr, ýöne oňa göni atylan "böwsüji söweş elementleri däl-de, galyndylar" baryp degipdir. Onuň tassyklamagyna görä, ekipaža, hamala, Mahaçgalada gonmak mümkinçiligi teklip edildi, ýöne soňra uçaryň öz gelen howa menziline dolanmagy baradaky karara gelindi. Ikinji sebäp, Putiniň tassyklamagyna görä, howa goranyş ulgamyndaky tehniki näsazlyklar bilen bagly.

"Biziň borjumyz, ýene bir gezek gaýtalaýaryn, biz turuwbaşdan bolup geçen zatlara obýektiw baha bermek we onuň hakyky sebäbini yglan etmek barada gepleşdik" diýip, Putin aýtdy. “Gürrüňsiz, şeýle pajygaly ýagdaýlarda öwezini dolmak boýunça edilýän ähli talap Russiýa tarapyndan berjaý ediler we ähli resmileriň hereketlerine kanuny taýdan baha berler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetidi.

XS
SM
MD
LG