Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Tokaýewi kabul etdi. Döwlet saparyna gelen prezidenti wise-premýer garşylady


Wnukowo-2 howa menzilinde Tokaýewi Putin däl-de, premýer-ministriň birinji orunbasary Denis Manturow garşy aldy.
Wnukowo-2 howa menzilinde Tokaýewi Putin däl-de, premýer-ministriň birinji orunbasary Denis Manturow garşy aldy.

Gazagystanyň we Russiýanyň prezidentleriniň arasynda Kremlde resmi däl, ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirildi. Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 11-nji noýabrda ýokary derejeli döwlet sapary bilen Moskwa geldi.

"Şu gün aýratyn gyzyklanma döredýä meseleleriň ählisini resmi däl ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik dörär, ertir bolsa kärdeşlerimiz bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň tutuş gün tertibini ara alyp maslahatlaşarys" diýip, Wladimir Putin aýtdy.

Tokaýew rus lideri bilen duşuşmazyndan öň "Moskwa gelen ilkinji minutlaryndan bäri görkezilen aýratyn mähirli kabul ediş üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi".

Wnukowo-2 howa menzilinde Tokaýewi Putin däl-de, premýer-ministriň birinji orunbasary Denis Manturow garşy aldy.

Putin geçen ýylyň noýabr aýynda Gazagystana döwlet saparyna gelende, Tokaýew ony uçardan düşen ýerinde garşy alypdy.

Şonda rus liderini we onuň ýanyndaky delegasiýanyň agzalaryny iki ýurduň baýdaklaryny galgadýan çagalar hem mübärekläpdi.

Alty sany harby uçar bolsa, howa menziliniň ýokarsynda ak, gök we gyzyl zolaklary — üç reňkli rus baýdagynyň şekilini “ýazdy”.

Şeýle-de, şol gün gazak paýtagtynyň köçelerinde "Siziň Alyhezretiňiz, jenap Wladimir Putin, Astana hoş geldiňiz!" diýen ýazgylar asyldy.

XS
SM
MD
LG